Peruda Geýtse, Sorosa we Rokfellere garşy koronawirus bilen bagly kazyýet işi gozgaldy

Metbugatda we sosial mediada öňe sürmüleriň ýaýbaňlanmagyndan soň Perunyň Ýokary kazyýeti, derňew işini öz eline aldy

1563045
Peruda Geýtse, Sorosa we Rokfellere garşy koronawirus bilen bagly kazyýet işi gozgaldy

Peruda kazyýetleriň biri Microsoft kärhanasynyň esaslandyryjysy Bill Geýtsi, Amerikaly işewür adam Jorj Sorosy we dünýäniň iň baý maşgalasy bolan Rokfelleri koronawirus epidemiýasyny döretmek bilen günäkärledi. 

Dünýäni täsiri astyna alan koronawirusyň, laboratoriýa şertlerinde döredilendigi baradaky öňe sürmeler ýaňadandan gün tertibe geldi. 

Perudaky kazyýet koronawirus epidemiýasynyň nähili ýaýrandygyny derňemek üçin karar kabul etdi. 

Kazyýet, Kowid-19-yň baý maşgalalaryň eli bilen ýasalandygyny öňe sürüp, onuň Microsoft kärhanasynyň esaslandyryjysy Bill Geýtsiň, Amerikaly işewür adam Jorj Sorosyň we dünýäniň iň baý maşgalasy bolan Rokfelleriň ýalňyşydygyny öňe sürdi. 

Russiýanyň mediasynda berilen habarlara görä: "Bill Geýts, Soros, Rokfeller ýaly täze dünýä düzgüniniň döredijileriniň daşynda, hiç bir hakykat ýa-da şahys ýa-da hökümet, bu epidemiýanyň öňünden bilip boljakdygyny öňe sürüp bilmez" beýanaty, kazyýetiň derňew beýannamasynda bar. 

Metbugatda we sosial mediada öňe sürmüleriň ýaýbaňlanmagyndan soň Perunyň Ýokary kazyýeti, derňew işini öz eline aldy. 

Sosial mediada ençeme ulanyjy Bill Geýtsi koronawirusy ýüze çykarmak bilen günäkärleýär, milliardlarça adama mikroçipler üsti bilen gözegçilik etmek üçin koronawirus sanjymyny oýlap tapandygyny aýdýarlar. 



Degişli Habarlar