ABŞ-nyň Içerki Howpsuzlyk ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Wulf wezipesinden çekildi

ABŞ-nyň Içerki Howpsuzlyk ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Çed Wulf wezipesinden çekilendigini habar berdi

1561985
ABŞ-nyň Içerki Howpsuzlyk ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Wulf wezipesinden çekildi

ABŞ-da 6-njy ýanwarda demonstrantlaryň Kongresiň binasyna girmeginden soň, Ak Tamdan we Trampyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümetiň düzüminden wezipelerinden çekilýän ýolbaşçylaryň sany artýar. 

ABŞ-nyň Içerki Howpsuzlyk ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Çed Wulf, beren ýazmaça beýanatynda düýn gije wezipesinden çekilendigini habar berdi. 

Adaty ýagdaýda wezipesini Jo baýdeniň Prezident wezipesine başlaýança çenli, ýagny 20-nji ýanwara çenli dowam etdirmegi meýilleşdirendigini aýdan Wulf, emma soňky wagtlarda başdan geçirilen hadysalardan soň, wezipesinden çekilmek barada karara gelendigini mälim etdi. 

Wulf, ýerine Federal Adatdan daşary ýagdaý dolanşyk agentliginiň başlygy Piter Geýnoryň geçjekdigini habar berdi. 

ABŞ-da geçen hepde demonstrantlaryň Kongresiň binasyna girmeginden soň ýurdyň Aragatnaşyk ministri Eleýn Çao we Bilim ministri Betsi Dewos wezipelerinden çekilipdi. 

Beýleki tarapdan Çed Wulf 7-nji ýanwarda irden ýazmaça beýanat berip Kongresde başdan geçirilen hadysalary ýazgarypdy. 



Degişli Habarlar