Putin, Aliýew we Paşinýan şu gün Moskwada özara duşuşyk geçirerler

Putiniň Aliýew we Paşinýan bilen aýry-aýry duşuşyklar geçirmegi meýilleşdirilýär

1560854
Putin, Aliýew we Paşinýan şu gün Moskwada özara duşuşyk geçirerler

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen şu gün Moskwada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirer. 

Kreml tarapyndan berilen beýanatda, Putiniň tagallasy bilen 2021-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Moskwada Aliýewiň we Paşinýanyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygyň geçiriljekdigi habar berildi. 

Beýanata görä, 2020-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daglyk Garabag bilen bagly baglaşylan umumy ylalaşygyň ýerine ýetirilişi we sebitde bar bolan meseleleriň çözgüdi üçin edilip bilinjek ädimleriň ara alynyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär. 

Putiniň Aliýew we Paşinýan bilen aýry-aýry duşuşyklar geçirmegi meýilleşdirilýär. 



Degişli Habarlar