Russiýada Garrylar Öýünde Bolan Ýangynda 7 Adam Ýogaldy
Binanyň birinji gatynda başlan ýangynda 7 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy
1560604
Russiýanyň Tümen oblastynda garrylar öýünde bolan ýangynda 7 adam ýogaldy.
Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berlen beýannama görä, Tümen oblastynyň Borowskiý obasyndaky garrylar öýünde ýangyn boldy.
Binanyň birinji gatynda başlan ýangynda 7 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy.
Ýangyn gözegçilik astyna alyndy we waka hakynda derňew işi gozgaldy.
Russiýanyň Başgyrdystan Awtanomiýasynyň Işbuldino obasynda 15-nji dekabrda bolan ýangynda 11 adam ýogalypdy.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany 33 Müň 970 Adama Ýetdi
Ysraýylyň harby goşuny 195 günden bäri Gaza Sektoryny bombalaýar.
Ysraýyl Bilen Hizbullahyň Arasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär
Ysraýyl, Liwanyň günortasynda ýerleşýän Hiýam etrapçasyna hüjüm gurady.