Ýaponiýada ýagyşly garyň ýagmagy netijesinde ýogalýan adamlaryň sany artýar

Ýaponiýanyň çar tarapynda eýýäm 3 hepde bäri dowam edýän ýagyşly garyň ýagmagy netijesinde ýogalanlaryň sany 29 adama ýetdi

1558982
Ýaponiýada ýagyşly garyň ýagmagy netijesinde ýogalýan adamlaryň sany artýar

NHK tarapyndan berilen habara görä, dekabr aýynyň ortasyndan bäri dowam edýän ýagyşly garyň netijesinde şu günki güne çenli 29 adam ýogaldy.

Ýurtda ýaramaz howa şertleri sebäpli bolsa 400-den gowrak uçar sapary goý bolsun edildi. 

Ýamagata welaýatynda ýokary tizlikli otly gatnawlary hepdäniň ahyryna çenli togtadyldy. 

Ýurdyň demirgazygyndaky Akita welaýatynyň Ýokote etrabynda rekord mukdarda ýagan ýagyşly gardan soň, sebite gözleg we halas ediş maksatly Goranmak güýçleriniň işgärleri gönükdirildi. 

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentligi täze ýyl dynç alyş günlerindäkiden has sowuk howa gatlagynyň ýurda girendigini we hepdäniň ahyryna çenli öz täsirini gorajakdygyny habar berdi. 

Garyň galyňlygynyň adaty bolmalysyndan 3 esse köp bolan Tohoku we Hokutiku sebitlerinde harsaň howpyna garşy duýduryşlar berilýär. 



Degişli Habarlar