Pars Aýlag Ýurtlary Katar Bilen Ylalaşyk Gazandy

“Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty bilen Katar bilen düşnüşmezlikler çözüldi we diplomatik gatnaşyklar ýaňadandan başlady”

1558314
Pars Aýlag Ýurtlary Katar Bilen Ylalaşyk Gazandy

 

Saud Arabystany, Pars Aýlag ýurtlarynyň liderler maslahatynda, Katar bilen düşnüşmezligiň ortadan aýrylandygyny, diplomatik gatnaşyklaryň ýaňadandan başlandygyny mälim etdi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Ferhan Al Suud, düýn geçirlen Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň 41-nji maslahatynda, Katara embargo goýan ýurtlaryň Doga bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýaňadandan başladandygyny we embargolaryň bes edilendigini aýtdy.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Ferhan Al Suud bilen Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Naýif Al Hajraf maslahatdan soň metbugatabeýannama berdi.

Bin Ferhan, Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynyň jemleýji jarnamasynda, Katara goýlan embargolaryň bes edilendigine ünsi çekdi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri, “Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty bilen Katar bilen düşnüşmezlikler çözüldi we diplomatik gatnaşyklar ýaňadandan başlady” diýdi.



Degişli Habarlar