Tel Abýatda Guralan Hüjümde 2 Çaga Ýogaldy
Serhediň 730 metr günortasynda guralan hüjümde obalylar nyşana alyndy.
1557157

Siriýada Tel Abýadyň golaýynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-li terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 2 çaga ýogaldy.
Howpsyzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, terrorçylar, Türk ýaragly güýçleriniň operasiýalaryndan soň Siriýanyň demirgazygynda parahatçylygyň we durnuklylygyň bozulmagy üçin tagalla edýär.
Soňky gezek “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynyň golaýynda terror guramasy EÝP tarapyndan hüjüm guraldy.
Serhediň 730 metr günortasynda guralan hüjümde obalylar nyşana alyndy.
Terrorçylar tarapyndan goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli 2 çaga ýogaldy.
Degişli Habarlar

Peskow: "ABŞ-nyň asyl aladasy ukrainalylar däl, amerikalylaryň özleri" diýdi
Dmitriý Peskow ABŞ-nyň Ukraina berýän goldawlary we goldaw çagyryşlarynyň üstünde durup geçdi