Günbatar Frakiýada Türk Azlygyna Degişli Mekdepleriň Atýazgylary Çalşyldy
Günbatar Frakiýada ýary gije duýdansyz ýagdaýda türk azlygyna degişli mekdepleriň atýazgylary çalşyldy
Gresiýa Günbatar Frakiýadaky azlyklaryň mekdeplerini ýene-de bir gezek assimilirlemäge synanşýar
Çykarylan düzgünnama bilen Ksantidäki we Komadinidäki türk mekdepleriniň atlaryndaky “Azlyk” sözi öçürilip ýerine “Musulman” sözi ýazyldy.
Günbatar Frakiýa Türk Azlygynyň Arkalaşyk Geňeşi türk azlygynyň “halkara azlyklar” derejesiniň ünsden düşürilýändigini beýan etdi.
Komadini Azlygynyň Medresei Haýriýe orta mekdebiniň ýolbaşçylary bolsa “Şeýle bassyr-ýussurlyk asla kabul edilmez” diýip, beýannama berdi. Beýannamada kararyň gelip çykyşy näbelli bolmadyk jemgyýet döretme tagallasyndan ybaratdygy nygtalýar.
Beýannamada 11 ýyl ozal azlyklaryň mekdeplerine ugradylan düzgünnamalarda ýene-de “Musulman mekdebi” frazasynyň ulanylandygy ýatladylýar.
Şeýlelikde resmi Afynynyň türk azlygyna degişli ýörite hukuklaryň we bilim alma mümkinçiliginiň ortadan aýrylmagyny nazarda tutýandygy bellenilýär.
Rodop welaýatyndan Özgerliş partiýasynyň halk deputaty İlham Ahmet hem mejlise sorag bilen ýüzlendi. Ahmet çykarylan düzgünnamanyň bes edilmegini we ozalky atýazgylaryň yzyna berilmegini isledi.
Degişli Habarlar
Terror Guramasy PKK/ÝPG Siriýada Asuda Ilatdan 4 Adamy Öldürdi
Rakka şäheri 2017-nji ýylda PKK/ÝPG-li terrorçylar tarapyndan basylyp alnypdy.