Guterrriş Ýemende Guralan Hüjüm Sebäpli Duýgudaşlyk Bildirdi

BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterriş Ýemende Aden howa menziline guralan hüjümi “gynandyryjy” waka hökmünde häsýetlendirip, ony guranlary ýazgardy

1555333
Guterrriş Ýemende Guralan Hüjüm Sebäpli Duýgudaşlyk Bildirdi

BMG-niň baş Sekretarynyň Metbugat gullugynyň başlygynyň orunbasary Ferhan Hak beren ýazmaça beýannamasynda; “BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterriş täze hökümetiň agzalarynyň iş başyna gelmeginden gysga möhlet soň Aden howa menziline guralan, onlarça adamyň ölmegine we ýaralanmagna sebäp bolan gynandyryjy wakany guranlary ýazgarýar” diýilýär.

Beýannamada BMG-niň Ýemendäki düşnüşmezligi çözmek üçin syýasy tapgyryň başladylmagyny goldaýandygy nygtalýar.

Ýemeniň täze hökümetiniň agzalarynyň düýn ýurda baran mahaly Aden howa menziliniň terminalynda 3 partlama bolupdy.

Ýemeniň Saglygy goraýyş guramasy Kasym Buhaýbeh Twitter hasabyndan howa menzilinde bolan partlamada 25 adamyň ýogalandygy, 110 adamyň ýaralanandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar