ABŞ, Yraga 30 Sany Sowutly Ulag Berdi

“Yrakda durnuklygyň we howpsyzlygyň goralyp saklanmagy üçin birlikde işleşmäge dowam ederis”

1554713
ABŞ, Yraga 30 Sany Sowutly Ulag Berdi

 

ABŞ, Yragyň goşunlaryna, paýtagt Bagdatdaky Ýaşyl Zolagyň goralmagynda ulanylmagy üçin 30 sany sowutly ulag berdi.

ABŞ-nyň Yrakdaky ilçihanasy tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Ýaşyl zolak bilen Bagdadyň şäher merkeziniň howpsyzlygynyň goralyp saklanmagy üçin Yragyň goşunlaryna 30 sany sowutly ulagyň gowşurlandygy nygtaldy.

Beýannamada “Yrakda durnuklygyň we howpsyzlygyň goralyp saklanmagy üçin birlikde işleşmäge dowam ederis” diýildi.

Yragyň paýtagt Bagdatda Ýaşyl Zolakda ýerleşýän ABŞ-nyň ilçihanasyna soňky gezek 20-njy dekabrda 8 roketa hüjümi guralypdy.

Ýygy-ýygydan guralýan şuňa meňzeş hüjümleriň arkasynda Eýrana ýakyn radikal şaýy toparlaryň bardygy öňe sürülýär.

 


Etiketkalar: #Yrak , #ABŞ , #sowutly ulag

Degişli Habarlar