ABŞ Kuweýde, Saud Arabystanyna we Müsüre 4,85 Milliard Dollarlyk Ýarag Satar

Satuwyň esasy bölegi Kuweýde ediler

1554663
ABŞ Kuweýde, Saud Arabystanyna we Müsüre 4,85 Milliard Dollarlyk Ýarag Satar

ABŞ-nyň Goranyş we howpsyzlyk hyzmatdaşlygy gullugy Ýakyn Gündogarda Kuweýde, Saud Arabystanyna we Müsüre jemi 4,859,500 000 dollarlyk harby satuw üçin tassyknamasyny ABŞ-nyn Kongresiniň garamagyna hödürledi.

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygy Kuweýde 4,4 milliard dollara barabar hüjüm dik uçarlaryny we “Patriot” raketa goranyş ulgamlarynyň ätiýaç şaýlaryny, Saud Arabystanyna 290  million dollarlyk raketa enjamlaryny, Müsüre Prezidentin uçary üçin 169,6 million dollarlyk ultra mämişi göreş ulgamlary bilen howa ulaglarynyň ýokary nyşana alyş enjamlarynyň satuwyny tassyklady.

Şol satuwlaryň amala aşmagy üçin kongresin degişli komiteti tarapyndan garşylygy bolmaly däl.



Degişli Habarlar