Russiýa ÝB-niň Sanksiýa Kararyna Garşy Göçüm Etdi

Russiýa ÝB-niň sanksiýa kararyna garşy käbir nemes howpsyzyk we razwedka gulluklarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň ýurda gelmegini gadagan etdi

1554505
Russiýa ÝB-niň Sanksiýa Kararyna Garşy Göçüm Etdi

Germaniýanyň Federal Mejlisi 2015-nji ýylda käbir kiber hüjümlere sezewar bolup, guramanyň maglumat ulgamy hatardan çykypdy. Resmi Berlin 2015-nji ýylda Germaniýanyň Federal Mejlisine guralan kiber hüjümde Russiýanyň eliniň bardygyny öňe sürüpdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasyna görä ÝB Russiýa garşy bir taraply goşmaça sanksiýalary goýmak üçin bu wakany bahana etdi. 2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda ÝB Geňeşi iki rus raýaty bilen bir rus firmasyna sanksiýa goýmak hakynda karar kabul etdi.

ÝB-niň sanksiýa kararyna jogap hökmünde Russiýanyň çäklerine barmagy gadagan bolan nemes raýatlarynyň sanawynyň giňeldilmegi hakynda karar kabul edildi.

Germaniýanyň Goranmak ministrliginiň ulgamyna degişli bolan howpsyzlyk we razwedka gulluklarynyň käbir ýokary derejeli agzalary ýurda gelmegi gadagan edilenleriň sanawyna goşuldy.

Beýannamada sanksiýa sanawyna goşulan resmileriň atlary berilmedi.



Degişli Habarlar