Wladimir Zelenskiý türk gurluşyk kärhanasyna minnetdarlyk bildirdi

Ukrainanyň Prezidentliginden berilen beýanata görä, Zelenskiý köpriniň ilkinji bölüminiň açylyşyny ýerine ýetirdi

1551471
Wladimir Zelenskiý türk gurluşyk kärhanasyna minnetdarlyk bildirdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý ýurdyň Zaparožye şäherinde köpri guran türk "Onur Taahhüt Şirketler Grubu" atly kärhana minnetdarlyk bildirdi. 

Ukrainanyň Prezidentliginden berilen beýanata görä, Zelenskiý köpriniň ilkinji bölüminiň açylyşyny ýerine ýetirdi. 

Ýurtdaky "Beýik gurluşyk" taslamasynyň çäginde bu ýyl 100 köpriniň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýadan Zelenskiý, ady geçen kärhananyň guran köprüniň bolsa şolaryň arasynda iň ulusydygyny we iň möhümidigini beýan etdi. 

Zelenskiý, köprüniň uzynlygynyň 9 kilometrden gowrakdygyny ýatladyp, taslamanyň ýerine ýetirijisi "Onur Taahhüt Şirketler Grubu" atly kärhana wagtynda gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar