Koronawirus Täsirini Dowam Etdirýär

Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 67 müň 616, hasaba alynan kesellileriň sany 2 million 73 müň adama ýetdi

1549646
Koronawirus Täsirini Dowam Etdirýär

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 709 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 77 million 718 müň, sagalanlaryň sany 54 million 593 müň adamdan geçdi.

ABŞ-da Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 326 müň 772, wirusa ýoluganlaryň sany 18 million 473 müň adama ýetdi. Amerikan senady epidemiýanyň ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsiriniň ortadan aýrylmagy üçin 900 milliard dollarlyk kömek bukjasy bilen 1,4 trilion dollarlyk bujeti tassyklady. Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Prezidentligine saýlanan Jo Baýden, kameralaryň öňünde Pfizer-BioNTceh tarapyndan öndürlen Kovid-19 sanjymyny etdirdi.

Epidemiýa sebäpli Braziliýada 187 müň 322 adam ýogaldy, 7 million 264 müň adam hem hasaba alyndy. Ýurtda KoronaWak sanjymynyň synaglary tamamlandy.

Italiýada koronawirus sebäpli 69 müň 215 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 964 müň adamdan geçdi.

Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 67 müň 616, hasaba alynan kesellileriň sany 2 million 73 müň adama ýetdi.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 354 adam artyp 60 müň 900, wirusa ýoluganlaryň sany 5 müň 797 adam artyp 2 million 479 müň 151 adama ýetdi.

Kanadada wirus sebäpli 14 müň 331 adam ýogaldy, 515 müň 314 adam hem hasaba alyndy.

Kovid-19 Awstraliýada 908 adamyň ýogalmagyna, 28 müň 219 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

 



Degişli Habarlar