Izzetbegowiç Russiýanyň Bosniýa-Gersegowinanyň Içerki Işlerine Goşulyşýandygyny Beýan Etdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrowyň sapary ýurtda käbir närazylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy

1546751
Izzetbegowiç Russiýanyň Bosniýa-Gersegowinanyň Içerki Işlerine Goşulyşýandygyny Beýan Etdi

Bosniýa-Gersegowinanyň Demokratik iş partiýasynyň Başlygy Bakir Izzetbegowiç Russiýanyň radikal ýagdaýda Bosniýa-Gersegowinanyň içerki işlerine goşulyşýandygyny beýan etdi.

Ýekşenbe güni Mostarda geçiriljek ýerli saýlawdan ozal şähere sapara baran Izzetbegowiç, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň jedelleşikler sebäp bolan Bosniýa-Gersegowina sapary hakynda garaýyş beýan etdi.

Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň boşnýak agzasy Sefik Dzaferowiç bilen harwat agzasy Zeliko Komsijiň Lawrow bilen duşuşmagy kabul etmezlikleriniň aňyrsynda özüniň durýandygy hakyndaky öňe sürmelere jogap beren İzetbegowiç, şol habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýtdy.

Şol bir wagtda Demokratik iş partiýasynyň agzasy bolan Dzaferowij bilen yzgiderli aragatnaşyk saklaýandygyny beýan eden Izzetbegowiç; “Emma Komsij bilen beýle gatnaşygymyz ýok. Onuň bilen diňe NATO meselesinde görüşdik” diýdi.

Dzaferowij bilen Komsijiň abraýly syýasatçylardygyny nygtan Izzetbegowiç, Russiýanyň bolsa Bosniýa-Gersegowinadaky iki etniki halkdan biri bolan Serp Respublikasynyň liderlerine näme edenlerinde-de aýratyn goldaw berýändigini nygtady.

Izzetbegowiç Russiýanyň radikal ýagdaýda Bosniýa-Gersegowinanyň içerki işlerine goşulyşýandygyny nygtap: “Lawrowyň ýalňyşy Bosniýa-Gersegowinanyň simwollaryna we kanunlaryna sarpa goýmazlygy. Şol çemeleşmesi bilen bolsa Dzaferowije we Komsije meçew berdi” diýdi.

Bosniýa Gersegowina 14-nji dekabrda baran Lawrowyň ilki Serp Respublikasynyň düzümindäki Gündogar Saraýewo baryp, şol ýerde serp resmileri bilen duşuşmagy we duşuşykda Bosniýa-Gersegowinanyň baýdagynyň goýulmazlygy närazylyk döredipdi.



Degişli Habarlar