Italiýada Hasaba Alynan Kesellileriň Sany 1 Million 855 Müň 737Adamdan Geçdi

ABŞ-da epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 308 müň 89, wirusa ýoluganlaryň sany 16 million 942 müň 822 adama ýetdi

1545616
Italiýada Hasaba Alynan Kesellileriň Sany 1 Million 855 Müň 737Adamdan Geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 627 müň 980, wirusa ýoluganlaryň sany 73 million 193 müň, sagalanlaryň sany 51 million adamdan geçdi.

ABŞ-da epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 308 müň 89, wirusa ýoluganlaryň sany 16 million 942 müň 822 adama ýetdi.

Italiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 491 adam artyp 65 müň 11, hasaba alynan kesellileriň sany 12 müň 30 adam artyp 1 million 855 müň 737 adamdan geçdi.

Gollandiýada koronawirus sebäpli 10 müň 82 adam ýogaldy, 621 müň 944 adam hem hasaba alyndy. Ýurtda koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli 2021-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli mekdepleriň, ähli bazarlaryň we dükanlaryň ýapylmagy barada karar kabul edildi.



Degişli Habarlar