Yrakda PKK bilen Peşmerge güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy
Yrakda PKK bilen Peşmerge güýçleriniň arasynda bolan 2 aýry ýaragly çaknyşykda 1 adam ýogaldy, 3 adam agyr ýaralandy
1544977

Yragyň Duhok şäherinde ekstremist terror guramasy PKK bilen Peşmerge güýçleriniň arasynda ýüze çykan ýaragly çaknyşykda 1 Peşmerge ýogaldy.
Yragyň Duhok şäherinde, PKK-a agza terrorçylar bilen ýaragly çaknyşyga giren Peşmergegüýçlerinden 1 esgeriň ýogalandygy habar berildi.
Duhok şäheriniň Amedi etrabynyň Dereşin obasynyň golaýynda bolsa, Peşmerge güýçlerine degişli gözegçilik nokadyndan rugsatsyz ýagdaýda geçmek islän PKK-ly terrorçylar bilen başga bilen ýaragly çaknyşyk başdan geçirildi.
Peşmerge güýçleriniň duýduryşyna gulak asmadyk terror guramasy PKK-a degişli ulaga od açyldy. Wakada 3 terrorçy agyr ýaralandy.