Stoltenberg ÝB maslahatynda Türkiýe bilen bagly geçiriljek gepleşiklerde oňyn çemeleşilmegini isledi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Ýewropa Bileleşigi maslahatynda, Türkiýe bilen bagly geçiriljek gepleşiklerde oňyn çemeleşilmek barada maslahat berdi

1543186
Stoltenberg ÝB maslahatynda Türkiýe bilen bagly geçiriljek gepleşiklerde oňyn çemeleşilmegini isledi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Portugaliýanyň Premýer ministri Antonio Kosta bilen geçiren duşuşygyndan soň bolan metbugat ýygnagynda, NATO-nyň hyzmatdaşlarynyň arasynda tapawutlylyklar bolan mahaly maslahatlaşmak üçin bir platforma wezipesini ýerine ýetirýändigini belläp: "Ählimiziň tapawutlylyklary ele alan mahalymyz oňyn çemeleşmegimiz we oňyn ýollara ugrukmagymyz gerek. Şol sebäpli NATO-da Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda mehanizm döretdik. Onuň maksady Gündogar Ortaýer deňizinde artan harby barlyk sebäpli iki hyzmatdaşyň arasyndaky islenmeýän wakalaryň we hadysalaryň öňüni almak. Türkiýe bilen Gresiýanyň bu mehanizme goşulmagyndan we käbir harby türgenleşiklerini goý bolsun etmeginden hoşal boldym" diýip belledi.  

Stoltenberg, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda NATO-da geçirilen tehniki gepleşikleriň, şol bir wagtda iki ýurdyň arasyndaky esasy meseleleriň ele alynyp bilinjekdigini we syýasy garaýyşlaryň hem öňüniň açylyp bilinjekdigini umyt edýändigini beýan etdi. 

Türkiýäniň möhüm bir NATO hyzmatdaşydygyny aýdan Stoltenberg, Türkiýäniň Yrak we Siriýa bilen serhetdeşdigini, terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde möhüm rol eýeleýändigini habar berdi. 

Stoltenberg, Türkiýäniň iň köp bosguna ýer eýeçiligini edýän we terrorçylykly hüjümlerden iň köp zyýan çeken ýurtdygyny aýan etdi. 

Stoltenberg: "Türkiýäniň NATO-nyň we Günbatar maşgalasynyň bir bölegidigine göz ýetirmegimiz gerek" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar