Zarif: "Sebitleýin syýasatlarymyzy Günbatar bilen gepleşiklere açmarys" diýdi

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif, ýurdunyň sebitleýin syýasatlaryny Günbatar bilen gepleşiklere açmajakdyklaryny beýan etdi

1541817
Zarif: "Sebitleýin syýasatlarymyzy Günbatar bilen gepleşiklere açmarys" diýdi

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif Twitter hasabyndan, ýadro ylalaşygy bilen bagly gepleşiklere başlamadan ozal,  Tähranyň sebitleýin syýasatyny çäklendirjek täze ylalaşygyň gazanylmagyny ABŞ-dan isleýän käbir Arap ýurtlaryna ýüzlenip beýanat berdi. 

"Günbatar bilen sebitleýin syýasatlarymyzy gepleşiklere açmarys, meseläniň gözbaşy olaryň sebitdäki syýasatyndadyr" diýip bellän Zarif, Eýranyň Pars aýlagyndaky goňşylary bilen bolsa hemişe dialoga we gepleşiklere taýardygyny habar berdi. 

Ýadro ylalaşygynyň tarapdary bolan Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa ýaly ýurtlar, wezipä başlajak Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-a, Eýranyň sebitleýin syýasatyny we bellistik raketa programmasyny çäklendirjek şekilde ýadro ylalaşygyny ýaňadandan baglaşylmagy barada çagyryş berdiler. 

 

 


Etiketkalar: #Günbatar , #gepleşik , #Eýran , #ABŞ

Degişli Habarlar