Eýranda Sil Sebäpli 7 Adam Ýogaldy

Birnäçe günden bäri dowam edýän aşa köp ýagýan ýagyşlar gündelik durmuşa ýaramaz täsrini ýetirýär

1540637
Eýranda Sil Sebäpli 7 Adam Ýogaldy

 

Eýranyň günortasynda ýerleşýän Hormuzgan welaýatynyň Parsian etrabynda ýene-de 5 adamyň ýogalmagy bilen sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sany 7 adama ýetdi.

Eýranyň ýarym resmi “Tesnim” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ýurduň Huzistan, Yspyhan, Buşehr, Ýezd we Hormuzgan welaýatlarynda aşa köp ýagýan ýagyşlar siliň gelmegine sebäp boldy.

Sil sebäpli häzire çenli Hormuzgan welaýatynyň Parsian etrabynda 5, Buşehr welaýatynyň Deştistan etrabynda 2 adam ýogaldy.

Eýranyň günortasynda ýerleşýän welaýatlarda birnäçe günden bäri dowam edýän aşa köp ýagýan ýagyşlar gündelik durmuşa ýaramaz täsrini ýetirýär.

Huzistan welaýatynyň merkezi Ahwaz we Buşehr şäherleriniň bir bölegi suwyň aşagynda galdy.

 



Degişli Habarlar