Ysraýyl 13 Ýylda Iň Köp Ýaraglanan Ýurt Boldy

151 ýurduň harby çykdajylaryna we adam başyna düşýän milli girdejilerine görä taýarlanan habarnamada ikinji orny Ermenistan eýeleýär

1539457
Ysraýyl 13 Ýylda Iň Köp Ýaraglanan Ýurt Boldy

Germaniýada Parahatçylyk barlaglary instituty tarapyndan çap edilen Global Ýaraglanma Indeksi habarnamasynda “Adam başyna düşýän milli girdejisi 5,3 göterim bolan we 20 milliad dollarlyk harby çykdajysy bilen Ysraýyl 2007-nji ýyldan bäri iň iň köp ýaraglanan ýurdy boldy” diýildi.

151 ýurduň harby çykdajylaryna we adam başyna düşýän milli girdejilerine görä taýarlanan habarnamada ikinji orny bolsa Ermenistan eýeleýär.

Ermenistandan soň nobaty bilen Oman, Bahreýn, Singapur, Saud Arabystany, Russiýa, Kuweýt we İordaniýa iň köp ýaraglanan ýurtlar boldy.

Habarnama görä, Türkiýe, harby çykdajylarynyň adam başyna düşýän milli girdejisi taýdan 1,8 göterim bilen indeksde 20-njy orny eýeleýär.

 

 



Degişli Habarlar