Siriýanyň Milli Goşuny ilkinji harby bazasyny açdy

Siriýanyň Milli Goşuny ýurdyň demirgazygyndaky Azez etrabynda ilkinji harby bazasyny dabara bilen açdy

1539458
Siriýanyň Milli Goşuny ilkinji harby bazasyny açdy

Siriýanyň Milli Goşunynyň düzümindäki Hamza toparynyň ýöriteleşdirilen güýçleriniň "Şehit Ýasir Abu Aş-Şeýh" bazasynyň açylyşy bilen bagly dabara geçirildi. 

Açylyş dabarasyna Siriýanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Abdurrahman Mustafa, Siriýanyň wagtlaýyn hökümetiniň Goranmak ministri we Baş Ştabynyň başlygy Selim Idris we Milli goşunyň serkerdeleri gatnaşdylar. Dabaranyň çäginde harby bazanyň içinde ýerleşýän şehitlik ýadygärligine gül desseleri goýuldy, hormatly dymyşlyk edildi, harby ýöriş geçirildi. 

Dabara ilkinji harby bazanyň adyny göterýän Abu Aş-Şeýhiň çagalary hem gatnaşdy. 

Harby bazanyň açylyşynda çykyş eden Hamza toparynyň ýöriteleşdirilen güýçleriniň serkerdesi Seýf Abu Bekir dabara gatnaşan myhmanlara minnetdarlyk bildirdi. 

Hamza toparynyň ýöriteleşdirilen güýçleriniň serkerdelerinden biri bolan Abu Aş-Şeýh, Türkiýäniň terror guramasy DAIŞ-e garşy geçiren Ýewfrat Galkany operasiýasynda 2016-njy ýylda şehit bolupdy. 



Degişli Habarlar