“Oppozisiýa Saýlawda Üstünlik Gazanan Halatynda Wezipämden Çekilerin”

Maduro, 6-njy dekabrda geçiriljek parlament saýlawlarynda oppozisiýa üstünlik gazanan halatynda wezipesinden çekiljekdigini aýtdy

1538662
“Oppozisiýa Saýlawda Üstünlik Gazanan Halatynda Wezipämden Çekilerin”

 

Wenesuelanyň Döwlet Baştutany Nikolas Maduro, 6-njy dekabrda geçiriljek parlament saýlawlarynda oppozisiýa üstünlik gazanan halatynda wezipesinden çekiljekdigini aýtdy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, soňky gezek 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirlen parlament saýlawlarynda üstünlik gazanan oppozisiýanyň bu gezek hem saýlawda üstünlik gazanan halatynda Maduro wezipesinden çekiler.

Maduro “Wenesuelalylara ýüzlenýärin, geljegim size bagly. Oppozisiýa saýlawda üstünlik gazanan halatynda wezipämden çekilerin we bu ýerden giderin” diýdi.

Oppozisiýadaky partiýalara ýekşenbe güni geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşmaklary üçin çagyryş beren Maduro, häzirki Mejlis bilen ýene-de 5 ýyl dowam etmek islemeýändiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar