BMG-nyň Baş Assambleýasynda “Kovid-19” Maslahaty Geçirler

Wolkan Bozkyryň ýolbaşçylyk etmeginde wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek maslahata dünýä liderleri gatnaşar

1538619
BMG-nyň Baş Assambleýasynda “Kovid-19” Maslahaty Geçirler

 

BMG-nyň Baş Assambleýasynda dekabr aýynyň 3-4-i aralygynda “Kovid-19” maslahaty geçirler.

BMG-nyň 75-nji sessiýasynyň başlygy Wolkan Bozkyryň ýolbaşçylyk etmeginde wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek maslahata dünýä liderleri gatnaşar.

Maslahatda, täze görnüş koronawirus epidemiýasy, epidemiýa garşy göreş, sanjym we ykdysadyýet meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahatyň 2-nji gününde Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Ghebreýesus epidemiýa barada çykyş eder.

Hususy pudagyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, koronawirusa garşy sanjym taýarlan alymlaryň we firmalaryň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatda 50-den gowrak ýurduň döwlet baştutanyň, 39 ýurduň hökümet başlygynyň we 40-a golaý ministriň çykyş etmegine garaşylýar.

 

 

 



Degişli Habarlar