Stoltenberg NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahatdan soň beýanat berdi

Stoltenberg, esasy meseleleriň çözgüdi babatynda Germaniýanyň öňbaşçylyk etmegindäki tagallalary goldaýandyklaryny nygtady

1537977
Stoltenberg NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahatdan soň beýanat berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda Gündogar Ortaýer deňizindäki hadysalaryň öňüniň alynmagy üçin döredilen parsing usullary mehanizminiň işleýändigini we ony güýçlendirmek isleýändiklerini habar berdi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahatynyň 1-nji gününden soň metbugat ýygnagyny geçirdi. 

NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahatda, Gündogar Ortaýer deňizindäki ýagdaýyň hem gün tertibe gelendigini aýdan Stoltenberg, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda islenmeýän wakalaryň öňüniň alynmagy maksady bilen parsing usullary mehanizminiň döredilendigini, bir aragatnaşyk liniýasynyň emele getirilendigini we käbir harby türgenleşikleriň ikitaraplaýyn häsýetde goý bolsun edilendigini ýatlatdy. 

Stoltenberg: "Ähli bu zatlar oturyp gürrüňdeş bolan mahalymyz dartgynlygy azaltmak üçin ynam artdyryjy çäreleri emele getirip biljekdigini görkezýär. Mehanizm döredildi, işleýär. Ikitaraplaýyn häsýetde maglumat çalşygy bar, aragatnaşyk kanallary açyk. NATO-daky mehnizmi has hem güýçlendirmek üçin taýardygymy iki ministre hem aýtdym. Muny edip bileris, sebäbi bu ýerde NATO-da her gün duşuşyk geçirýäris" diýip belledi. 

Iki ýurdyň arasynda NATO-da tehniki gepleşikleriň geçirilendigini ýatladan Stoltenberg, esasy meseleleriň çözgüdi babatynda Germaniýanyň öňbaşçylyk etmegindäki tagallalary goldaýandyklaryny, NATO-da döredilen mehnizmiň hem şolar ýaly tagallalara kömek berip biljekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar