Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 41 müň 53 adama ýetdi

Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 347 müň 401 adama ýetdi

1538234
Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 41 müň 53 adama ýetdi

Dünýäde koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 488 müň 735 adama ýetdi. Wirus ýokanlaryň sany 64 million 270 müň 915 adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 44 million 527 müň adamdan geçdi. 

Russiýada soňky 24 sagatda ýene-de 589 adamyň ýogalmagy bilen, koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 41 müň 53 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 347 müň 401 adama ýetdi. 

Hindistanda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 138 müň 159 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 9 million 499 müň 710 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 2 müň 867 adamyň ýogalan, 337 müň 422 adamyň wirusa ýolugan Ysraýylda, wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagy, epidemiýada 3-nji tolkunyň bolup-bolmanlygy bilen bagly aladalary artdyrdy.

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 52 müň 340 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 2 million 198 müň 197 adama ýetdi. 

Materikde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 21 müň 644 adama, Müsürde 6 müň 666 adama, Marokkada 5 müň 915 adama ýetdi. 

Seýşel adalarynda we Eritreýada adam ýitgisi hasaba alynmady. 

Materikde wirusa ýoluganlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 792 müň 299 adama, Marokkoda 359 müň 844 adama, Müsürde 116 müň 303 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 2 müň 206 adamyň ýogalan, 151 müň 742 adamyň wirusa ýolugan Ýaponiýada, ýurdyň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministri Norihisa Tamura, epidemiýada ýurt derejesinde ilkinji gezek 1 günüň içinde 41 adamyň ýogalandygyny belläp: "Iň erbet ýagdaýa taýarlykly bolmalydyrys. Agyr kesellileriň sanynyň 500 adama golaýlamagy, örän howply bir ýagdaý. Bu krizis manysyna gelýär" diýip aýan etdi

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Indoneziýada 17 müň 81 adama, Yrakda 12 müň 306 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar