Britaniýa “BNT162b2” Sanjymyň Ulanylmagyny Tassyklady

Britaniýa Kowid-19-a garşy taýarlanan sanjymyň ulanylmagyny tassyklan ilkinji ýurt boldy

1538213
Britaniýa “BNT162b2” Sanjymyň Ulanylmagyny Tassyklady

 

Britaniýa, türk alymy Prof. Dr. Ugur Şahiniň ýolbaşçylygyndaky nemes biýotehnalogiýa firmasy BioNTechiň, amerikaly derman firmasy Pfizer bilen birlikde koronawirusa garşy taýarlan sanjymynyň ulanylmagyny tassyklady.

BBC-niň habaryna görä, Britaniýanyň Derman senagatyna we saglygy goraýyş enjamlaryna gözegçilik gullugy “BNT162b2” sanjymyň ulanylmagyny tassyklady.

Şeýlelikde Britaniýa Kowid-19-a garşy taýarlanan sanjymyň ulanylmagyny tassyklan ilkinji ýurt boldy.

Britaniýada geljek hepde-den başlap howply toparlaryň sanjymyna başlanmagyna garaşylýar.

Britaniýa birnäçe wagt ozal firma bilen 40 million sanjym satyn almak üçin alynky şertnama baglaşypdy.

Pfizer we BioNTech sanjymyň wirusa garşy göreşde täsiriniň 95 göterime barabardygy habar berlipdi.

Firmalar sanjymyň gyssagly ulanylmagyna rugsat berilmegi bilen ABŞ-nyň Azyk we derman senagaty edarasy FDA bilen Ýewropanyn derman senagaty gullugy EMA hem ýüz tutupdy.

Firmalar, sanjym üçin ABŞ, ÝB, Britaniýa, Kanada we Ýaponiýa bilen şertnama baglaşdy.

Saglygy goraýyş ministri Fahretin Koja, 25-nji noýabrda beren beýannamasynda Türkiýäniň 25 million sanjym satyn almagy üçin gepleşikleriň geçirilýändigini mälim etdi. 1 million sanjymyň dekabr aýynda alynmagy meýilleşdirilýär.

Firma, 2020-njy ýylyň ahyryna çenli 100 million we 2021-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa 1,3 milliard doza sanjym öndürmegi meýilleşdirýär.



Degişli Habarlar