Jo Baýden Bilen Antoniu Guterreş Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Baýden, saýlaw ýeňişi bilen özüni gutlan Guterreşe sag bolsun aýtdy

1537396
Jo Baýden Bilen Antoniu Guterreş Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

ABŞ-da 3-nji noýabrda geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanan Jo Baýden, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Jo Baýdeniň topary tarapyndan berlen beýannama görä, Baýden, saýlaw ýeňişi bilen özüni gutlan Guterreşe sag bolsun aýtdy.

Baýden bilen Guterreş telefon söhbetdeşliginde ABŞ bilen BMG-nyň arasynda täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş, klimat çalşygy, ynsanperwer kömekler, parahatçylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi ýaly halkara derejesinde esasy orun eýeleýän meseleleriň çözülmegi üçin ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi barada pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar