Germaniýada bir ulagyň pyýadalary süsmegi netijesinde iki adam ýogaldy

Habarda ulagyň sürüjisiniň göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi

1537766
Germaniýada bir ulagyň pyýadalary süsmegi netijesinde iki adam ýogaldy

Germaniýanyň Reýnland-Pfals welaýatynyň Trier şäherinde bir ulagyň pyýada barýan adamlary süsmegi netijesinde 2 adamyň ýogalandygy, 10 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Reýnland-Pfals welaýatynyň Trier şäheriniň Polisiýa gullugy, özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda, ulaglaryň girmegine gadagan bolan köçeleriň birine giren ulagyň köp sanda adamy ýaralandygy habar berildi. 

Beýanatda, wakanyň bolan ýerinden uzakda durulmak barada çagyryş berildi. 

Germaniýanyň birinji telewideniýe kanaly ARD-e degişli SWR tarapyndan berilen habara görä, wakada 2 adam ýogaldy, 10 adam bolsa ýaralandy. 

Habarda ulagyň sürüjisiniň göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #sürüji , #ulag , #Germaniýa

Degişli Habarlar