“Baýdeniň 80 Million Ses Alandygyna Ynanmaýaryn”

Tramp saýlawdan soň ilkinji beýanatyny Foks Nýus kanalyna berdi

1537034
“Baýdeniň 80 Million Ses Alandygyna Ynanmaýaryn”

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 3-nji noýabrda geçirlen 59-njy prezident saýlawlarynda Jo Baýdeniň 80 million ses alandygyna ynanmaýandygyny aýtdy.

Tramp saýlawdan soň ilkinji beýanatyny Foks Nýus kanalyna berdi.

Saýlawlarda Demokratlaryň poçta arkaly berlen seslerde uly galplyk edendigini aýdan Tramp “Bu mesele baradaky pikirimi üýtgedip bilmersiňiz. 6 aý soň hem pikirim üýtgemez. Saýlawlarda uly galplyk edildi” diýdi.

Tramp saýlawyň netijeleri barada dürli kazyýetlere ýüz tutmak isländiklerini emma arzalarynyň kabul edilmändigine nägilelik bildirdi we Pensilwaniýa ştatyndaky saýlawyň netijeleri baradaky kazyýet işine ünsi çekdi.

3-nji noýabrda geçirlen saýlawyň netijelerine Respublikaçylar degişli garşylyk görkezmän halatynda mundan soň Ak Tamda Respublikaçy prezidentiň otrmagynyň gaty kyndygyny aýdan Tramp “Men Jo Baýdeniň 80 million ses alandygyna ynanmaýaryn” diýdi.

Saýlawyň häzirki netijelerine görä, Demokratlaryň dalaşgäri Baýden 306 kürsü bilen Ak Tamda oturmaga hukuk gazandy, 232 kürsä eýe bolan Tramp bolsa saýlawyň netijelerini kabul etmeýändigini yglan etdi.



Degişli Habarlar