Şemhani: "Janyna kast ediljekdigi barada razwedka maglumaty alyndy, emma çynlakaý çemeleşilmedi"

Ali Şemhani, Eýranyň döwlet telewideniýesine beýanat berdi

1536951
Şemhani: "Janyna kast ediljekdigi barada razwedka maglumaty alyndy, emma çynlakaý çemeleşilmedi"

Eýranyň Milli Howpsuzlyk boýunça Ýokary geňeşiň Baş sekretary Ali Şemhani, ýurtdaky howpsuzlyk güýçleriniň ýadro işleri boýunça alym Muhsin Fahrizadanyň janyna kast ediljekdigi barada razwedka maglumatyny alandygyny, emma oňa çynlakaý çemeleşmändiklerini habar berdi. 

Fahrizadanyň jynaza çäresinde Eýranyň döwlet telewideniýesine beýanat beren Şemhani: "20 ýyldan bäri duşman ony şehit etmek üçin iş alyp barýardy. Şu günki güne çenli meýilnamalary başa barmady. Eýranyň Milli Howpsuzlyk gullugy Fahrizada garşy hüjüm guraljakdygy barada maglumat alypdy. Fahrizada garşy eýýäm 20 ýyl bäri hüjüm guraljakdygy barada ençeme gezek razwedka maglumaty alyndy, şol sebäpli maglumata çynlakaý çemeleşilmedi we bu gezek olar maksadyna ýetdi" diýip habar berdi. 

Hüjümiň adam tarapyndan dälde, uzakdan elektronik ulgam ulanylyp guralandygyny aýdan Şemhani: "Käbir deliller bar. Bu operasiýany meýilleşdireniň geçmişi nähili, kimdigi anyklandy. Halkyň müjahitleri guramasynyň bu işde roly bar we bu jenaýatyň arkasynda Sionist häkimiýet bilen MOSSAD bar" diýip mälim etdi. 

 


Etiketkalar: #Eýran , #Ali Şemhani

Degişli Habarlar