Koronawirus Täsirini Dowam Etdirýär

Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 63 million 152 müň, sagalanlaryň sany 43 million 626 müň adamdan geçdi

1536955
Koronawirus Täsirini Dowam Etdirýär

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 466 müň 740, wirusa ýoluganlaryň sany 63 million 152 müň, sagalanlaryň sany 43 million 626 müň adamdan geçdi.

ABŞ-da epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 273 müň 72, hasaba alynan kesellileriň sany 13 million 750 müň 608 adama ýetdi.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 198 adam artyp 52 müň 325, wirusa ýoluganlaryň sany 9 müň 748 adam artyp 2 million 218 müň 483 adama ýetdi. Ýurtda koronawirus testiniň netijesi položitel çykanlaryň sany 11,1 göterime deň boldy.

Koronawirus Çeh Respublikasynda 8 müň 54 adamyň ýogalmagyna, 518 müň 649 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Koronawirus Britaniýada 58 müň 245 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 1 günde 12 müň 155 adam artyp jemi 1 million 617 müň adamdan geçdi.

Kovid-19 sebäpli Italiýada 54 müň 904 adam ýogaldy. Wirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 20 müň adam artyp 1 million 585 müň 178 adama ýetdi.

Horwatiýada epidemiýa sebäpli 1 müň 712 adam ýogaldy, 126 müň 612 adam hem hasaba alyndy. Horwatiýanyň Premýer ministri Andrež Plenkowiçiň aýaly Ana Plenkowiçe koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Koronawirus sebäpli

Braziliýada 172 müň 848

Meksikada 105 müň 655

İspaniýada 44 müň 668

Argentinada 38 müň 473

Kolumbiýada 36 müň 584

Peruda 35 müň 923

Polşada 17 müň 29

Belgiýada 16 müň 547

Germaniýada 16 müň 533

Çilide 15 müň 356

Ekwadorda 13 müň 423

Ukrainada 12 müň 327

Kanadada 12 müň 32

Ruminiýada 11 müň 193 adam ýogaldy.

 



Degişli Habarlar