Fransiýada asly afrikaly sazanda Mişel Sekleri uran polisiýa işgärleriniň ikisi tussag edildi

Ýurdyň milli metbugatynda berilen habara görä, kazynyň öňüne çykarylan 4 polisiýa işgärine derňew kazysy, prokuraturanyň günäkärlemelerini ýöňkedi

1537025
Fransiýada asly afrikaly sazanda Mişel Sekleri uran polisiýa işgärleriniň ikisi tussag edildi

Dört Polisiýa işgäriniň 3-si, ýarag bilen bilkasatlaýyn ýagdaýda rasist hereketlere ýüz tutmak we resminamalarda galplyk etmek bilen günäkärlendi. 

Birnäçe wagt soň, gözüňi ýaşardýan gaz ulanyp waka goşulan 4-nji polisiýa işgärine bolsa bilkastlaýyn häsýetde aşa güýç ulanmak günäkärlemesi ýöňkeldi.

Derňew kazysy, polisiýa işgärleriniň 2-siniň tussag edilmegi, beýleki 2 polisiýa işgäriniň bolsa şertli ýagdaýda azat edilmegi barada karar berdi. 

21-nji noýabrda şenbe güni Parižiň 17-nji zolagynda ýaş sazanda Mişel Sekler, iş ýerine giren mahaly arkasyndan giren 2-si ýörite egin-eşikli 3 polisiýa işgäriniň eden-etdiligine sezewar galypdy. 20 minutlap polisiýa işgärleri tarapyndan urulan Sekleriň sesini eşiden goňşulary, ony polisiýa işgärleriniň elinden halas etdiler. 

Goňşularyny gören polisiýa işgärleri, Sekleri goýup iş ýerinden çykypdylar we goşmaça güýç çagyrypdylar. Gelen goşmaça topardan 1 polisiýa işgäri iş ýerine gözüňi ýaşardýan gaz zyňyp, Sekleriň çykmagyny üpjün edipdi. 

Polisiýa merkezine alynyp gidilen we ol ýerde 48 sagat saklanan Seklere garşy edilen hereketleriň wideo ýazgysy ýüze çykmagyndan we ýaýramagyndan soň Parižiň prokuraturasy Sekleri azat edipdi. Polisiýa gullugynyň 4 işgäri bolsa nägilelikleriň artmagy sebäpli wezipelerinden çetleşdirildi. 



Degişli Habarlar