ABŞ-da Hasaba Alynan Kesellileriň Sany 13 Million 750 Müň 608 Adamdan Geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 465 müň adamdan geçdi

1536575
ABŞ-da Hasaba Alynan Kesellileriň Sany 13 Million 750 Müň 608 Adamdan Geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 465 müň 920, wirusa ýoluganlaryň sany 63 million 122 müň, sagalanlaryň sany 43 million 582 müň adamdan geçdi.

ABŞ-da epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 273 müň 72, hasaba alynan kesellileriň sany 13 million 750 müň 608 adama ýetdi.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 198 adam artyp 52 müň 325, wirusa ýoluganlaryň sany 9 müň 748 adam artyp 2 million 218 müň 483 adama ýetdi. Ýurtda koronawirus testiniň netijesi položitel çykanlaryň sany 11,1 göterime deň boldy.

Koronawirus Çeh Respublikasynda 8 müň 54 adamyň ýogalmagyna, 518 müň 649 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Koronawirus Britaniýada 58 müň 245 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 1 günde 12 müň 155 adam artyp jemi 1 million 617 müň adamdan geçdi.

Kovid-19 sebäpli Italiýada 54 müň 904 adam ýogaldy. Wirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 20 müň adam artyp 1 million 585 müň 178 adama ýetdi.

Horwatiýada epidemiýa sebäpli 1 müň 712 adam ýogaldy, 126 müň 612 adam hem hasaba alyndy. Horwatiýanyň Premýer ministri Andrež Plenkowiçiň aýaly Ana Plenkowiçe koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

 



Degişli Habarlar