Ukraina Türkiýeden 5 Sany Uçarmansyz Howa Ulagyny Satyn Alar

Ukraina, 2019-njy ýylda 6 sany Baýraktar TB2 kysymly uçarmansyz howa ulagy bilen 3 sany ýer gözegçilik bekedini satyn alypdy

1535188
Ukraina Türkiýeden 5 Sany Uçarmansyz Howa Ulagyny Satyn Alar

 

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň başlygy Ruslan Homçak, geljek ýyl Türkiýeden 5 sany Baýraktar uçarmansyz howa ulagyny satyn aljakdyklaryny aýtdy.

Armiýa infrom habarlar saýtynyň berýän habaryna görä, Baş ştabyň başlygy Homçak, Ukrainanyň ýaragly güýçleri üçin 2021-nji ýylda Türkiýeden 5 sany Baýraktar uçarmansyz howa ulagyny satyn aljakdyklaryny belledi.

Ukraina, Türkiýeden 2019-njy ýylda 6 sany Baýraktar TB2 kysymly uçarmansyz howa ulagy bilen 3 sany ýer gözegçilik bekedini satyn alypdy.

 



Degişli Habarlar