Owganystanda soňky 14 ýylda 26 müň çaga ýogaldy we maýyp galdy
Habarnamada Owganystanyň çagalar üçin iň howply 11 ýurdyň biridigi aýan edildi
Owganystandaky söweşler sebäpli, 2005-2019-njy ýyllar aralygynda 26 müňden gowrak çaganyň ýogalandygy we maýyp galandygy habar berildi.
Çagalary Halas ediň gaznasy (Save The Children), BMG, Owganystan we Finlýandiýa tarapyndan geçirilen 2020 Halkara Owganystan maslahatynda, beýleki ýurtlara owgan çagalaryň gelejegini goramak barada çagyryş berilýän bir habarnama taýarlady.
Habarnamada, Owganystandaky söweş sebäpli 2005-2019-njy ýyllar aralygynda her gün ortaça 5 çaga bolmak bilen, jemi 26 müň 25 çaganyň ýogalandygy we maýyp galandygy mälim edildi.
Owganystanyň çagalar üçin iň howply 11 ýurdyň biridigi bellenen habarnamada, söweşleriň dowam edýän ähli beýleki ýurtlara garanyňda, iň köp çaganyň Owganystanda ýogalýandygy we maýyp galýandygy nygtaldy.