Ysraýylyň Premýer Ministri Netanýahu Bahreýne Sapar Gurar

Netanýahu “Ýakynda Bahreýne sapar guraryn” diýdi

1533436
Ysraýylyň Premýer Ministri Netanýahu Bahreýne Sapar Gurar

 

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu Bahreýne sapar gurajakdygyny aýtdy.

Netanýahu sosial mediadan beren habarnamasynda, Bahreýniň Mirasdar Şazadasy we Premýer ministri Selam Bin Hamad Bin İsa Al Halife bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini belledi.

Telefon söhbetdeşliginde Al Halifeniň özüni Bahreýne çagyrandygyny aýdan Netanýahu “Ýakynda Bahreýne sapar guraryn” diýdi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň Daşary işler Ministri Gabi Aşkenazi geljek hepde Bahreýne resmi sapar gurar.

Ysraýyl bilen Bahreýn 15-nji sentýabrda Ak Tamda özara gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin şertnama baglaşypdy.



Degişli Habarlar