Sergeý Lawrow we Jewad Zarif telefon arkaly söhbetdeş boldylar
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif telefon arkaly söhbetdeş boldylar
1533584
Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginiň barşynda Daglyk Garabag, Siriýa, Basra aýlagy, Ýemen we Owganystan ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.
Telefon söhbetdeşliginde Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanşykly Bilelikdäki giňişleýin hereket meýilnamasy bilen birlikde Russiýanyň we Eýranyň halkara platformalardaky hyzmatdaşlygy ele alyndy.
Telefon söhbetdeşliginde mundan başgada, iki tarapy gyzyklandyrýan meseleler babatynda dialogyň dowam etdirilmegi barada karara gelindi.
Degişli Habarlar

Saud Arabystanyna raketaly hüjüm guraldy
Hökümediň resmileri hüjüm bilen baglanşykly beýanat bermediler