Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 59 million 562 müň adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 41 million 197 müň adama ýetdi

1533377
Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 59 million 562 müň adama ýetdi

 

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 402 müň 934 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 59 million 562 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 41 million 197 müň adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 267 adamlyk artyş bilen jemi 50 müň 72 adama ýetdi. Materikde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 müň 124 adamlyk artyş bilen 2 million 92 müň 833 adama ýetdi. Materikde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 20 müň 968 adama, Müsürde 6 müň 560 adama, Marokkoda 5 müň 396 adama ýetdi. 

Hindistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 134 müň 254 adama ýetdi. Ýurtda hasaba alynanlaryň sany bolsa 37 müň 975 adamlyk artyş bilen 9 million 177 müň 840 adama ýetdi. 

Hytaýda soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adam bellige alynmady. Ýurtda şol bir wagt aralygynda 22 adam Kovid-19-a ýolugandygy anyklandy. Hytaýda wirusa ýoluganlaryň sany şeýlelik bilen 86 müň 464 adama ýetdi. 

Günorta Koreýada soňky 1 günde koronawirus sebäpli ýene-de 1 adam ýogalyp, ýurtda Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi şeýlelik bilen 510-a ýetdi. Günorta Koreýada wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 349 adamlyk artyş bilen jemi 31 müň 353 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Indoneziýada 16 müň 2 adama, Yrakda 11 müň 996 adama, Ukrainada 11 müň 75 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar