Bab Etrabynda Ulaga Goýlan Bombanyň Ýarylmagy Sebäpli Asuda Ilatdan 5 Adam Ýogaldy

Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär

1533503
Bab Etrabynda Ulaga Goýlan Bombanyň Ýarylmagy Sebäpli Asuda Ilatdan 5 Adam Ýogaldy

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Bab etrabynda ulaga goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli asuda ilatdan 5 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy.

Ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Partlama sebäpli köp sanly ulag hatardan çykaryldy.

Ýerli howpsyzlyk güýçleri, hüjümiň terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny öňe sürýär.

 

 

 



Degişli Habarlar