Fransiýada Sary Ýeňsizlileriň Ýörişleri 2 Ýyldan Bäri Dowam Edýär

Sary ýeňsizliler, şu gün köçä çykmak gadagançylygyna garamazdan paýtagt Parižiň başda durmagynda birnäçe şäherde ýöriş geçirer

1531483
Fransiýada Sary Ýeňsizlileriň Ýörişleri 2 Ýyldan Bäri Dowam Edýär

 

Fransiýa ýangyjyň bahasynyň ýokarlandyrlandygy we ykdysady şertleriň agyrlaşýandygy sebäpli başlan we Prezident Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy gahar gazaba öwrülen sary ýeňsizlileriň ýörişleri 2 ýyldan bäri dowam edýär.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli protest ýörişlerine arakesme beren sary ýeňsizliler, şu gün köçä çykmak gadagançylygyna garamazdan paýtagt Parižiň başda durmagynda birnäçe şäherde ýöriş geçirer.

Sary ýeňsizliler, Makronyň alyp barýan ykdysady we sosial syýasatlaryna garşy fransuzlary ýaňadandan herekete geçirmek isleýär.



Degişli Habarlar