Fransiýada guş gribi howsalasy başdan geçirilýär

Hökümet sebitde giribiň beýleki haýwanlara ýokmagynyň öňüni almak üçin, ýurt derejesinde çäreleriň artdyrylmagy barada buýruk berdi

1531072
Fransiýada guş gribi howsalasy başdan geçirilýär

Ýewropada täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň iň köp zyýan ýetiren ýurtlarynyň biri bolan Fransiýada eýýäm 2-nji şäherde guş giribine gabat gelinmegi adamlarda howsala döretdi. 

Fransiýanyň Oba hojalyk ministrliginiň, Milli Saglygy goraýyş howpsuzlygy edarasyna esaslanyp beren beýanatynda, guş giribi sebäpli ýüzlerçe towugyň ýok edilen Korsika adasyndan soň, indi bolsa Iwelin şäherindäki fermalaryň birinde hem guş gribine gabat gelinendigi mälim edildi. 

Beýanatda Milli Saglygy goraýyş howpsuzlygy edarasyna degişli hünärmenleriň iki epidemiýanyň arasyndaky arabaglanşygy we gözbaşyny kesgitlemäge synanyşýandyklary aýan edildi. 

Beýleki tarapdan hökümet sebitde giribiň beýleki haýwanlara ýokmagynyň öňüni almak üçin, ýurt derejesinde çäreleriň artdyrylmagy barada buýruk berdi. 



Degişli Habarlar