BAE-ne F-35-iň Satylmagyna Garşylyk Güýçlenýär

ABŞ-da Wekiller palatasyndan soň Senatda-da Birleşen Arap Emirliklerine F-35 harby uçarynyň satylmagyna garşy uly koalisiýa emele geldi

1531391
BAE-ne F-35-iň Satylmagyna Garşylyk Güýçlenýär

Nýu-Jersi ştatynyň Senatory Demokrat Bob Menendez, Kentakiniň Senatory Respublikaçy Rand Paul we Konnektikut ştatynyň Senatory Kris Murpi BAE-ne F-35 harby uçary bilen bilelikde 23 milliard dollardan gowrak 4 bölek ýarag satmak hakyndaky Döwlet sekretarlygynyň tassyknamasyna garamazdan 4 sany garşy karar taslamasyny hödürledi.

Senatorlar taslamalarda 1976-njy ýylda kabul edilen Ýarag eksportyna gözegçilik kanununa esaslanyp, BAE-ne ikisi F-35 harby uçary we MQ “Repair” ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen şol ulgamlaryň enjamlary üçin, beýleki ikisi bolsa howadan-howa we howadan-gury ýere ösen raketa enjamlary üçin Döwlet Sekretarlygy tarapyndan berilen satuw tassyknamalaryny kabul etmedi.

Taslamalaryň birinji 2018-nji ýylda Kongrese habar berilen 490 million dollarlyk ok-däri satuwynyň hem kabul edilmändigi habar berildi.

Menendez mesele boýunça beren beýannamasynda şol taslamany Kongresiň ABŞ-nyň ýarag satuwlary boýunça aýratyn ygtyýarynyň bardygyny görkezmek üçin hödürländigini nygtaýar.

Mesele boýunça hökümete duýduryş berendigini nygtan Menendez: “Bu satuwlaryň ABŞ-nyň we Ysraýylyň milli howpsyzlygyna hem-de bähbitlerine nähili täsir ýetirjekdigi boýunça ençeme alada bar” diýdi.

1976-njy ýylda kabul çykarylan Ýarag eksportuna gözegçilik kanuny Kongresiň agzalaryna teklip edilen ýarag satuwyny kabul etmezik hukugyny berýär.



Degişli Habarlar