Koronawirus Täsirini Dowam Etdirýär

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 365 müň adamdan geçdi

1531211
Koronawirus Täsirini Dowam Etdirýär

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 365 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 57 million 258 müň, sagalanlaryň sany 39 million 746 müň adamdan geçdi.

ABŞ-da epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 258 müň 333, wirusa ýoluganlaryň sany 12 million 70 müň adamdan geçdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sanynyň gün saýyn artýandygy sebäpli käbir ştatlarda bir aý möhlet bilen köçä çykmak gadagan edildi.

Britaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 501 adam artyp 53 müň 775, hasaba alynan kesellileriň sany 22 müň 915 adam artyp 1 million 453 müň 256 adama ýetdi.

Italiýada Kovid-19 sebäpli 47 müň 870 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 308 müň adamdan geçdi.

Ispaniýada epidemiýa sebäpli 42 müň 291 adam ýogaldy, hasaba alynan kesellileriň sany 1 million 574 müň adama ýetdi.

Meksikada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 576 adam artyp 100 müň 104, wirusa ýoluganlaryň sany 4 müň 472 adam artyp 1 million 19 müň 543 adama ýetdi. Meksika ABŞ-dan, Hindistandan we Braziliýadan soň koronawirus taýdan dünýäde 4-nji merkeze öwrüldi

Koronawirus sebäpli

Braziliýada 168 müň 141

Fransiýada 47 müň 127

Argentinada 36 müň 532

Peruda 35 müň 446

Kolumbiýaa 34 müň 761

Belgiýada 15 müň 196

Çilide 14 müň 955

Germaniýada 13 müň 788

Ekwadorda 13 müň 73

Polşada 12 müň 88

Kanadada 11 müň 265

Ukrainada 10 müň 369 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar