Ermenistanyň Goranmak ministri wezipesinden çekildi

Ermenistanyň Goranmak ministri Dawit Tonoýan wezipesinden çekildi

1531387
Ermenistanyň Goranmak ministri wezipesinden çekildi

Resmi Ýeriwanda hökümet agzalary yzly-yzyna wezipelerinden çekilmäge dowam edýär. 

Soňky gezek bolsa Ermenistanyň Goranmak ministri Dawit Tonoýan wezipesinden çekildi. 

Tonoýan 2018-nji ýyldan bäri ýurdyň Goranmak ministri wezipesinde işleýärdi. 

Azerbaýjanyň topraklaryny ençeme ýyllap basyp alyşlyk astynda saklan Ermenistan, soňky wagtlarda asuda ilatly ýerlere ençeme gezek hüjüm gurady. 

Bakunyň öz topraklaryny azat etmek üçin başladan operasiýasynyň netijesinde, Ermenistan ýeňlişe sezewar galdy. 

Ýeňlişini kabul eden resmi Ýeriwan hökümeti, halk tarapyndan agyr tankytlara sezewar bolmaga başlady. 



Degişli Habarlar