ABŞ Eýana Sanksiýa Goýdy
Sanksiýa sanawynda ýokary wezipeli ýolbaşçylar hem bar

ABŞ, Eýranyň lideri Aýetullah Ali Hamaneýiň ýolbaşçylygyndaky Bonýad Mostazafan gaznasy bilen birlikde 49 gurama bilen Eýranyň Milli razwedka we howpsyzlyk ministri Mahmud Alawi bilen 9 adamy sanksiýa sanawyna goşdy.
ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berilen beýannamada Eýranyň Lideri Hamaneýiň giň patronaž ulgamy bilen Razwedka we howpsyzlyk ministri Alawiniň nyşana alynandygy mälim edildi.
Beýannamada Daşary ýurt maýalaryna hemaýat ofisi tarapyndan Eýranyň Lideri Hamaneýin gözegçiligindäki maliýe, energetika, gurluşyk we magdançylyk ýaly Eýranyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda iş alyp barýan Yslam ynkylaby Mostazafan gaznasynyň sanksiýa sanawyna goşulandygy nygtalýar.
Gaznanyň göräýmäge ýoksullara goldaw berýän haýyr-sahawat guramasydygyna üns çekilýän beýannamada, Hamaneý tarapyndan “wezipesini güýçlendirmek, syýasy ýaranlaryny sylaglamak we hökümetiň duşmanlaryna zulum etmek” üçin peýdalanylýandygy aýdylýar.
Degişli Habarlar

Eýranda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 83 adam artdy
Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 318 müň 295 adama ýetdi