Miller ABŞ-nyň Owganystandaky we Yrakdaky esgerleri bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wekili Kristofer Miller Pentagonda metbugat işgärlerine beýanat berdi

1529881
Miller ABŞ-nyň Owganystandaky we Yrakdaky esgerleri bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wekili Kristofer Miller, ýurdunyň Owganystandaky we Yrakdaky esger sanynyň 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli 2 müň 500-e çenli azaltjakdyklaryny habar berdi. 

Goranmak ministrligi Pentagonda metbugat işgärlerine beýanat beren Miller: "2021-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli Owganystandaky esger sanymyzy 2 müň 500-e çenli azaldarys. Yrakdaky esger sanymyz hem edil şolar ýaly 15-nji ýanwara çenli 2 müň 500-e çenli ýetireris" diýip mälim etdi. 

ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wekili Kristofer Miller, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň bu kararynyň ýurdyň milli howpsuzlyk maksatnamasyna laýykdygyny we eýýäm ençeme aý bäri milli howpsuzlyk topary bilen geçiren geňeşmelerine esaslanýandygyny aýan etdi. 

Miller, Donald Trampyň bu babatda başda NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg we Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani bolmak bilen ençeme hyzmatdaş ýurdyň liderleri bilen geňeşmeler geçirendigini beýan etdi. 

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda guralan hüjümden soň Owganystanyň we Yragyň basyp alyşlygy bilen başlaýan söweşleri dolulygyna bitirjekdiklerini aýdan Miller: "Çagalarymyzy bu möhletsiz söweşleriň agyr ýükünden azat ederis" diýip nygtady.



Degişli Habarlar