Koronawirus epidemiýasy dünýä derejesinde howply bolmagynda galýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 38 million 634 müň adama ýetdi

1529390
Koronawirus epidemiýasy dünýä derejesinde howply bolmagynda galýar

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 334 müň adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 55 million 486 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 38 million 634 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 130 müň 577 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 8 million 875 müň adama ýetdi. 

Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 42 müň 461 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 788 müň 473 adamdan geçdi. Ülkede epidemiýa sebäpli gan donorlygynyň peselendigi we diňe 5 günlik gan ätiýajynyň galandygy habar berildi. Eýranda epidemiýa sebäpli käbir şäherlerde agşam sagat 21:00-dan irden sagat 04:00-a çenli şahsy ulaglar bilen ýola çykmak gadagan edildi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 33 müň 931 adama ýeten Russiýada, hasaba alynanlaryň sany 1 million 971 müň adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 952 adama ýeten Gazagystanda, wirusa ýoluganlaryň sany 121 müň 653 adama ýetdi. 

Afrika materiginde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 281 adamlyk artyş bilen 47 müň 719 adama ýetdi. Materikde wirus ýokanlaryň sany bolsa 10 müň 389 adamlyk artyş bilen 1 million 998 müň 121 adama ýetdi. Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrikada 20 müň 314 adama ýeten bolsa, Müsürde 6 müň 465 adama, Marokkoda bolsa 4 müň 850 adama ýetdi.

Filippinlerde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 7 müň 862 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 410 müň 718 adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli 6 müň 254 adamyň ýogalan Bangladeşde hasaba alynanlaryň sany 436 müň 684 adama ýetdi. 

Singapurda koronawirus epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 28 adam ýogaldy. Ýurtda Kovid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa 58 müň 130 adama ýetdi. 

Gonkongda epidemiýa sebäpli jemi 108 adam ýogaldy, wirus ýokanlaryň sany bolsa 5 müň 471 adama ýetdi. 

Taýlantda koronawirus sebäpli şu günki güne çenli 60 adam ýogaldy, bellige alynanlaryň sany bolsa 3 müň 878 adama ýetdi. 

Taýwanda wirus sebäpli jemi 7 adam ýogaldy, Kovid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa 605 adama ýetdi. 

Palestinada 658 adam koronawirus sebäpliýogaldy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 77 müň 320 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar