Katar Bilen Liwiýa Harby Gatnaşyklaryny Ösdürer

Liwiýanyň Goranmak ministri Selahaddin Nemruş çarşenbe güni Katara gidipdi

1527232
Katar Bilen Liwiýa Harby Gatnaşyklaryny Ösdürer

 

Kataryň we Liwiýanyň Goranmak ministrleri, harby gatnaşyklaryň ösdürilmegi we iki ýurduň birlikde harby türgenleşik geçirmekleri üçin hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.

Kataryň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ministr Halid Bin Muhammed Al Atiýýeniň Liwiýaly kärdeşi Selahaddin Nemruş bilen duşuşandygy nygtaldy.

Beýannamada iki kärdeşiň, Katar bilen Liwiýanyň arasyndaky harby gatnaşyklaryň ösdüürilmegi barada pikir alyşandygy we iki ýurduň birlikde harby türgenleşik geçirmegi üçin şertnama baglaşandygy ýatladyldy.

Liwiýanyň Goranmak ministri Selahaddin Nemruş çarşenbe güni Katara gidipdi.

 



Degişli Habarlar