ABD Bilen Duşmançylygy Resmi Tähran Başlatmady

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ bilen gatnaşyklary resmi Tähranyň kesmändigini, duşmançylyk etmändigini aýtdy

1525816
ABD Bilen Duşmançylygy Resmi Tähran Başlatmady

Ministrler kabinetiniň paýtagt Tähranda geçirilen mejlisinden soň beýannama beren Ruhani, ABŞ-da Demokrat dalaşgär Jo Baýdeniň üstün çykan saýlawy we Eýran-ABŞ gatnaşyklary hakynda garaýyşlaryny beýan etdi.

ABŞ-da iş möhleti gutaran hökümetiň halkara syýasaty bilmeýändigini we Ysraýyldaky radikallaryň garaýyşyny iş ýüzüne geçirendigini öňe süren Ruhani; “Biziň syýasatymyzyň özenini dünýä bilen kadaly gatnaşyk etmek emele getirýär. Ynkylapdan soň duşmançylygy başladan tarap biz däl. ABŞ bilen gatnaşyklary biz kesmedik we duşmançylygy biz başlatmadyk. Olaryň içerki işlere goşulýan syýasatyna garamazdan biz ABŞ bilen gatnaşyklary kesmedik” diýdi.

Eýrandaky käbir ýaşlaryň ABŞ bilen gatnaşyklary özleriniň kesendigini pikir edýändigine ünsi çeken Ruhani: “ABŞ-nyň özi Eýran bilen gatnaşyklary bes etdi. Biz ABŞ-nyň territoriýasyny basyp almadyk. ABŞ-nyň territoriýasyna uçar we dik uçar ugratmadyk. Olar biziň territoriýamyza geldi. ABŞ-nyň territoriýasyny basyp alan döwlede kömek bermedik. Saddam biziň territoriýamyzy basyp almaga synanşdy we ABŞ oňa kömek berdi. Duşmançylygy olaryň özi başlatdy” diýdi.

Eýranyň durnukly syýasat alyp barýandygyny we onuň geljekde-de şeýle boljakdygyny beýan eden Ruhani: “ABŞ alyp barýan syýasatyndan el çekse, şertler başgaça bolar. ABŞ kadaly çemeleşse, gatnaşyk açarys” diýdi.



Degişli Habarlar